ser

  1. Könelişen söz Baş, kelle.

    • Oň ussady riçagyny basanda, emaý bilen aşak egýär serini. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýürek talwas eder, göterler serim, Köňül arzuw eýlär Watanym seni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Höwes.

    • Geçen ýyl onoň okuw bilen seri bolmady. («Pioner» žurnaly)

ser salmak

Gara bermek, göz aýlamak, göz gezdirmek, aýlanmak.

  • Durdy çopan gidip barşyna diňirgenip töweregine ser salyp kä ýerde kürtdürip durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ser urmak

Baş urmak, belli bir ýere (ýaşa, sana) ýetmek.

  • Eziziň atlysy ýüze ser urýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)