sepgit

  1. Birigýän ýer, birleşýän nokat, birigýän çyzyk.

    • Çozuş üçin başlangyç sepgide ýetildi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Aralyk, araçäk.

    • Bu waka iki-üç aý mundan ozal, tomus bilen güýz paslynyň sepgidinde bolupdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sepgit - sepgidi.