semiz sypat

Arryk däl, artyk etli-ganly çişik, ýogyn, ýagly.

  • Ussa bolsa orta boýly, ak ýüzli, semiz, garynlak bir adamdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Mallary ölüm-ýitimsiz we semiz saklamak köp derejede çopana baglydyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem semiz - semzi.