selpetmek işlik

  1. Haýal ylgawyna sürmek, loňkuldadyp çapdyrmak (mal hakda).

    • Heý, bir gün öň ugramanymyz! -- diýip, bugralary selpedip ugrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Bir zadyň ugrunda alňasadyp gezdirmek, alada goýmak, kaňkatmak (adam hakda).

    • Öz hususy ýumşy üçin ony dumly-duşa selpedýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem selpetmek - selpedýär, selpeder, selpedipdir.