selkildetmek işlik

  1. Yraň atdyrmak.

    • Ol saçyny selkildedip, ellerini galgadyp gepledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Baba kellesini selkildedip, üznüksiz üsgürýärdi. (M. Gorkiý, Eserler Toplumy)

  2. Göçme manyda Boş, bikär gezdirmek, biderek gezdirmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem selkildetmek - selkildedýär, selkildeder, selkildedipdir.