selin

Botanika Gumda bitýän pür ýaprakly köpýyllyk ösümlik.

  • Şitilleri sowukdan goramakdan ötri, 600 ramanyň üstüni basyrmak üçin selin örüldi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Selin, siňrenler hem başga gögeren çöpler häzir özüniň asly tebigy görnüşini üýtgedip, duw ak bolup görünýärdiler. (A, Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem selin - selni.