seki

Üstünde oturmak we ýatmak üçin gumdan, tagtadan, kerpiçden we ş. m. edilen belent ýer.

  • Sekileriň üstlerinde dyzy ýolaňaç hindiler awtomatlaryny ýaglaýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Pökgen daş gapydaky sekiniň erňegine geldi de: -- Ýelli! -- diýip seslendi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Olar ýasy kerpiç düşelen sekileriň üstüne düşek düşäp sapaklaryna taýynlanýardylar. (Aýbek, Nowaýy)