seýrek

  1. Käte bir duş gelýän, çöl tapylýan, selçeň bolýan, gyt.

    • Garrylar angina bilen örän seýrek keselleýärler. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Seýrek tapylýan we owadan gözel nagşy bolan Pendi halysyny dokamaklyk işine eýýämden başlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Aralary açyk, her ýerde biri, gür däl, ala, selçeň.

    • Seýrek daňlan çapuw atlary öz gazyklarynyň daşyna aýlanyşýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Arman üç-dört karta seýrek bitipdir emma şaha aýryp, peli tutupdyr. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem seýrek - seýregi.