seýislemek işlik

  1. Çapylýan atlary çapyşyga taýýarlamak, idetmek.

    • Ine, atlylar atlaryny seýisläp gelipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Özüňe oňat seretmek, özüňi bir tapda saklamak, ýaryşa taýýarlamak.

    • Ol özüni seýisläp ýör.


Duş gelýän formalary
  • seýisledi
  • seýislemegi
  • seýislemegiň
  • seýislemek
  • seýislemeli
  • seýislemäge-de
  • seýisleseň
  • seýisleýän
  • seýisleýändigini
  • seýisleýärdi
  • seýislänini
  • seýisläniň
  • seýisläp
  • seýisläpdir
  • seýislär
  • seýisläris
  • seýislärsiň