seýil at

Açyk howada edilýän gezelenç, gezim seýran.

  • Bu ajaýyp meýdana seretmekden we seýil etmekden gözüň doýmaýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Aýsoltanyň sesi ýaňyja bag seýline çykan adamyň sesini ýadyňa saldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Seýlem bir seýil, sergezdançylyk hem bar seýil. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem seýil - seýli.


Duş gelýän formalary
  • seýilden
  • seýle
  • seýlem
  • seýli
  • seýlin
  • seýlinde
  • seýlindedir
  • seýline