sazlyk

[sa:zlyk]

Botanika Giden gür, ösgün gamyşlyk, otluk-çöplük ýer.

  • Seni sazlygyň içinde atyň öňüne basyp gaýdan kimdi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Olar sazlyga girip başlanlarynda, at aýagynyň dükürdisini eşitdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sazlygyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýär. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sazlyk - sazlygy.