sawçylyk

[sa:wçylyk]

  1. Sawçynyň käri.

  2. Biriniň gyzyny gelin edinmek maksady bilen söz aýtmaklyk, söz aýdyjylyk.

    • Äşebibi ýaly häli-şindi sawçylyga gelýänler onuň gonjuna gor guýýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sawçylyk - sawçylygy.