Satylmaga goýlan, satmak üçin hödürlenýän, bellenen.
Satlyk haryt.
Satlyk gök önüm.
Göçme manyda Pula tutma, pul, zat üçin her hili haýynçylykly işleri etmäge taýyn bolan, haýyn.
Satlyk Eziz han bilen aýgytly söweşi şu ýerde biz özümiz guramaly dälmidik? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem satlyk - satlygy.