sarykdyrmak işlik

  1. Suwuny çekdirmek, birneme guratmak, çala guratmak (geýim we ş. m. hakda).

  2. Akdyrmak, dökmek, damdyrmak.

    • Maňa bir seret meniň sokar ganymy sarykdyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Arryk itler açlykdan agyzlarynyň suwuny sarykdyryp, gapy-gapy aýlanýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)