sargyt sar‧gyt

  1. Birine bir ýerden bir zat getirip bermegi ýa-da birine bir zat aýtmagy diýlip, soralyp edilýän tabşyryk, haýyş.

    • Soltansöýün oňa sargyt üstüne sargyt beripdir. (Myraly)

  2. Bir zady ýerine ýetirmek üçin tabşyrylýan tabşyryk.

    • Pökgeniň aýaly doktoryň sargydyny berk tutup, hatda baharyň nikasy hakynda hem gep gozgamaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sargyt - sargydy.

öliň sargydyny sargamak

Bir zady gaýtalap-gaýtalap tabşyrmak, sargamak, aýtmak.


Duş gelýän formalary
  • sargyda
  • sargydy
  • sargydym
  • sargydyna
  • sargydynda
  • sargydyny
  • sargydyň
  • sargydyňyzy
  • sargytdaky
  • sargytlar
  • sargytlardan
  • sargytlary
  • sargytlarydyr
  • sargytlarymy
  • sargytlaryna
  • sargytlaryndan
  • sargytlaryny
  • sargytlarynyň
  • sargytlaryň
  • sargytmy