sargamak işlik

  1. Bir ýumşy bitirmegini tabşyrmak, sargyt etmek.

    • Zat sargamakda Gülsün eje hem kem galmady. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

  2. Bir zady ýerine ýetirmegi tabşyrmak.

    • Pökgen bagyň gijeki sakçylaryny ýanyna çagyryp: -- Siz gaty sak boluň! -- diýip sargapdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Çyk içerden gelneje, Doganma ýaglyk sarga. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)


Duş gelýän formalary
  • sargady
  • sargadylar
  • sargadym
  • sargajak
  • sargamagam
  • sargamagy
  • sargamagyň
  • sargamak
  • sargamakda
  • sargamaly
  • sargamasaňam
  • sargamyş
  • sargan
  • sargana
  • sarganmyş
  • sarganok
  • sargansoň
  • sargany
  • sarganyň
  • sargap
  • sargapdy
  • sargapdylar
  • sargapdyr
  • sargapdyr-da
  • sargapdyrlar
  • sargar
  • sargardy
  • sargardylar
  • sargardym
  • sargasa
  • sargasaň
  • sargaý
  • sargaýandygyny
  • sargaýar
  • sargaýardy
  • sargaýardylar
  • sargaýarlar
  • sargaýaryn
  • sargaýarys