saraltmak işlik

[sa:raltmak]

Sary etmek, sary reňke öwürmek, boýamak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saraltmak - saraldýar, saraldar, saraldypdyr.

ýüz saraltmak

seret ýüz 1

  • Bolýar, şu gezek men seniň üçin girip, ýüzümi saraldaýyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • saraldar
  • saraldyp
  • saraldýar
  • saraltdylar
  • saraltjak
  • saraltmaga
  • saraltmagyn