saralmak 1 işlik

  1. Sargy bilen daşy oralmak, oralmak, daşyna sargy oralmak.

    • Gelenleriň ýüz-gözleri esgi bilen saralyp daňlypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zadyň daşyna ýüplük, sapak, eriş oralmak, ýumak edilmek.

saralmak 2 işlik

[sa:ralmak]

  1. Sary bolmak, sary reňke öwrülmek.

    • Samanyň arasynda iri däneler saralyp görünýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Hyýaryň hem wagty geçip saralsa agramy agyr bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bişmek (miwe hakda).

saralyp-solmak

Biriniň gaýgysyny aladasyny edip horlanmak.


Duş gelýän formalary
  • saralan
  • saralanda
  • saralandyr
  • saralanym
  • saralar
  • saralardym
  • saraldy
  • saralma
  • saralmadyk
  • saralmagy
  • saralmagyna
  • saralmajak
  • saralmak
  • saralmanyň
  • saralmasy
  • saralmaz
  • saralmaýar
  • saralsa
  • saralsam
  • saralyp
  • saralypdy
  • saralypdyr
  • saralyplar
  • saralýan
  • saralýar
  • saralýarlar