saplatmak1 işlik

Sap etdirmek, oturtdyrmak.

  • Daýhanlar hemişe özleriniň saplatmaga goýan pilleriniň yzyndan günüň şu wagty gelýärdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saplatmak - sapladýar, sapladar, sapladypdyr.

saplatmak2 işlik

[saplatmak]

  1. Gaýry goşantlardan arassalatmak, tämizletmek.

  2. Tamam etdirmek, sarp etdirmek, tüketdirmek, gutartmak.

  3. Bir zatdan dyndartmak, halas etdirmek.