saplanmak1 işlik

  1. Sap edilmek.

  2. Sap oturdylmak.

    • Piller saplanyp gutardy.

saplanmak2 işlik

[sa:planmak]

  1. Gaýry goşantlardan arassalanmak, tämizlenmek.

    • Totdan saplanan ýiti gün lowurdady, ýanyp duran ýalyn ýalyhowur saçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Tamam bolmak, sarp bolmak, tükenmek.

    • Bir öňe saýlanandan soň bolsa, ol tä pagta saplanynça yzyndan ýetdirmedi. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

  3. Halas bolmak, dynmak.

    • Näme em etjekkäk -- diýip, könäniň galyndysyndan heniz saplanmadyk Ogulýar eje pikire çümýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)