sapar1

Könelişen söz Syýahat, gezelenç.

sapar2

Ýola, gezek, mertebe.

  • Ol kakasynyň bu saparky seredişinden, onuň gözünde üýtgeşik hekaýanyň bardygyny bildi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Bir saparky agyr söweşde bular öz toplarynyň ýanynda diňe iki çäk bolup galdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Men bu kitaby azyndan iki-üç sapar okaryn.