sapalak at

Bir zatdan sypmak we ş. m. maksatlar bilen edilýän hileli hereket, hile pirim, sapajak, sypjyklyk, gaçyrym.

  • Myraly näçe sapalak atsa-da, Soltansöýün ony öz erkine goýman, köşge bakan alyp gidipdir. (Myraly)

  • Tilkiniň müňde bir sapalygy bar, iň gowusy görünmezlik. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sapalak - sapalagy.