sapak1

  1. Tikin tikmek üçin bükdürilen, işilen inçejik ýüplük.

    • Ädikçiler mumly sapaklary eýläk-beýläk çaltlyk bilen çekýärler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Soldat bolan adamynyň ýanynda iňňe bilen sapagy hemişe bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Miwäni öz agaç ýa-da biýara bilen birleşdirýän inçejik baldak.

    • Ataýew şu ýyl tomus kanikuly wagtynda üzümi-gawuny sapagyndan ýolup iýmek üçin kolhoza gidipdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Emma onuň ýalaňaç kellesini boýny götermän sapagynyň ysgyny gaçan sary kädi ýaly sallandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sapak - sapagy.

sapak çekmek

Gelin-gyzlaryň üme edip oturan ýerine baran ýigide sapak dakylanda, ýigidiň olara pul ýa-da ş. m. zat sylag bermeklik däbi.

  • Sapak çekdik, ynha gelen süýjüler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sapak2

  1. Okuw jaýlarynda: okadylýan ýörite okuw, predmet, ders.

    • Soňky sapak gutarmaga jaň boldy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Sapakda okuwçylar bilen geçirilýän işler okuwçylaryň dünýä garaýşynyň guralmagyna belli bir derejede kömek edýär.

  2. Mugallym tarapyndan okuwça tabşyrylan okuw işi, öý işi.

    • Sapaklaryna taýýarlanmak üçin oňa aýratynja stol goýmaly. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sapak - sapagy.

sapagy bişirmek

Sapagy gowy öwrenmek, özleşdirmek.

sapak almak

Görelde almak, tejribe almak, tälim almak, öwrenmek.

  • Işde Miçurinden alyp sapagy ýetişdirýär ýerde altyn ýüpegi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Söýgüli ülkäniň eý gelin-gyzy! Watan gyzy Aýlardan sen sapak al. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Ol ussat ýazyjylaryň eserlerini terjime etmek bilen, olardan öwrendi, sapak aldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

sapak bermek

  1. Ders bermek, okatmak.

  2. Ters görelde görkezmek, nädogry öwüt-nesihat etmek.

sapak edinmek

Görelde edinmek, pent almak.

  • Goýberen ýalňyşlyklarymyza ökünmeli, ony geljek ýyldaky işlerimizde sapak edinmeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)