sap1

[sa:p]

  1. Hiçbir goşantsyz, içinde özge zat bolmadyk, arassa, arassalanan.

    • Wraçlar agyr kesellerine dem almak üçin sap kislorod berýärler. (M. N. Skatkin, Jansyz Tebigat)

  2. Päk, ak, arassa, hakyky.

    • Begenç meniň sap söýgime halys ýürekdoly duýgusyny goşar -- diýip düşündi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Şol adam sap ýürekli däl, şübheli hem galp adam bolsa gerek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Boýdan-başa, tutuş bütinleý.

    • Towuklaryň sap ak ýelegi we gyzyl kekeji bolýar. (N. A. Iwanow, Guşçulyk Maldarçylygyň Iň Möhüm Pudaklaryndan Biridir)

  4. Açyk, tämiz, asuda.

    • Taýharyň toýnaklarynyň güpürdisi parahat gijede, sap howada uzaga gitdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sap - sabym, sabyň.

sap2

Aldawly hereket, hile, pirim, sapalak.

  • Ol ýigit bir tarapa sap atdy-da haýata dyrmaşyp, aňryk aşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Onuň müňde bir sapynyň birine düşmese, birine düşer. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sap-sap

seret hatar-hatar

  • Kolonnalar sap-sap bolup durlar. («Mydam Taýýar» gazeti)

sap3

Harby termin Hatar (goşunçylykda we ş. m. ).

  • Goşunçylyk sapy birinji sapdyr, biziň dek gaýduwsyz gahryman ýokdur. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  • Gyzyl goşunlaryň öňündäki sapy gelip, Tejen şäherine giripdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

sap4

Bir guralyň tutawajy, el bilen tutulýan ýeri.

  • Gyzylhan ýalaňaç gylyjyň sap taýyny artyga uzadyp, başyny aşak egdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypalady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

susagyň sapyny ele almak

seret susak