sandyk

Zat saklamak üçin, köplenç agaçdan ýasalyp daşyna demir çekilýän gapakly gapyrjak.

  • Hasyly ýygnap, girdeýjini sandyga salanymyzdan soň ullakan toý ederis. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Şu inedördül tamyň bir dulundaky Mary sandygynyň üstüne ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sandyk - sandygy.