sandal1

Ussalaryň üstünde demir ýençýän guraly.

  • Onuň bir böwründe burny döwük köne sandal ýatyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ol kömrüni tutaşdyrdy-da sandalyna tarap ýöredi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

sandal2

Botanika Günorta ýurtlarda bitýän ýakymly agaç.

  • Jawaharlal Neru sandal agajyndan ýasalan taýajygyny mekdep okuwçylaryna sowgat berdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

sandal3

Gaýyşdan tikilýän, ökjesiz ýeňil aýakgap.