sanawaç

[sa:nawa:ç]

Folkloristika Käbir toý-tomaşada oýunda oýnalmazdan öň döwçini, emekçini (kimiň çykyp kimiň galanyny) belli etmek üçin sazlaşykly aýdylýan sözler.

  • Azançy ýürek gysdyryjy, bizar ediji bir sanawaç gaýtalaýan ýaly, irginsiz sokduryp gygyrýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sanawaç - sanawajy.