sanamak işlik

[sa:namak]

Bir zadyň sanyny, mukdaryny, jemini hasaplamak, näçedigini bilmek.

  • Söweşiň taryhy sanardan kändir, geliň agyrtmalyň, olaň başyny. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • «Sanasam, sogaby bar» diýilen nakyl ýaly, näçe aýtsam gutarmaz, ýamandyr onuň päli. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ýerden tapsaň sanap al. (nakyl)

demiňi sanap ýatmak

seret dem

gapyrgalaryny sanabermeli

seret gapyrga

  • Günüň ýiti şöhlesi onuň gapyrgalaryny sanabermeli arryk endamyny ýalpyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)