sanaşyk

[sa:naşyk]

Könelişen söz Ýeri, suwy paýlamagyň gadymy adaty.

  • Suw sanaşygynda hiç biriňiz jyňkyňyzy çykaraňzok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çagalak wagtlarymyzda, obamyzda uly maslahat boldy, belki sanaşykdyr ýa-da ýer-suw reformasydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Biziň ilatymyz gadymdan gelýän sanaşyk däbine görä, ýere bileleşip eýelik edýär. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sanaşyk - sanaşygy.