sanaşmak işlik

[sa:naşmak]

  1. Sanamaga hasaplamaga kömek etmek.

    • Goýun sanaşmak, pul sanaşmak.

  2. Birnäçe atlary yzly-yzyna aýtmak, birnäçe zadyň adyny köp bolup tutmak.

    • Akbaý Alabaý diýşip, itleriň atlaryny samaşyp gygyryşdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Gep gaýtaryp durmak, bir aýdylana ikini aýtmak, gygyryşmak.

    • Artyk kim, meniň bilen sanaşmak kim? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

jüýjäni güýz sanaşmak

seret jüýje

  • Ýazda ösdüren guzulary bilen guwanmasyn jüýjäni güýz sanaşarys diýýä diý! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)