sanaç

Deriden eýlenip edilýän halta, gap.

  • Adam diýlen zat zyňyp goýberibir ýaly bir taşlandy töne sanaç däl. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sanaç - sanajy.

bir sanaç any artyk iýmek

seret un

  • Garry sen menden bir sanaç uny artyk iýensiň, sen ýagşy-ýamana düşünmelisiň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

it alan sanja döndermek

Birini (jedelde, uruşda we ş. m.) tüýt-müýt etmek, masgara etmek ýeňmek.

  • Annagulyny it alan sanaja dönderdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)