sançmak işlik

  1. Ujy biz ýaly ýa-da ýiti zady sokmak, dürtmek, çümdürmek.

    • Sanjan iňňesini elinden aýyrman haýran galyjylyk bilen üşerildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Begenç elindäki pilini ýabyň boýuna nähili sanjanyny hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Medisina Tene dermanly iňňe urmak, ukol etmek.

    • Sançmak usullaryndan peýdalanylýar. (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sançmak - sanjýar, sanjar, sanjypdyr.