san at

[sa:n]

  1. Predmetiň hadysanyň we ş. m. sanalmakda mukdaryny tertibini görkezýän hasap.

    • Birden bularyň goşunda üç atly, bir pyýada, dört sany ýaragly adam häzir boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Mallaryň sany artýar, tohumy gowulanýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Göçme manyda Adamzada bolan sahawatly, adamkärçilikli garaýyş, adam deregine hataryna goşulyş.

    • Öňki wagt men ýalyda san ýokdy hossar bolup kuwwat berdi gurultaý. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  3. Grammatik termin Sanalmakda mukdar, tertip bildirýän söz topary.

birlik san

Bir adam ýa-da bir predmet hakynda gürrüň gidýändigini aňladýan grammatik kategoriýa.

bitin san

Droba bölünmeýän san.

köplük san

Atlaryň köplügini görkezýän grammatik kategoriýa.

mukdar san

Predmetiň jemini, näçedigini görkezýän san.

san çalyşmasy

seret çalyşma

sana geçmek

  1. Hasap edilmek.

  2. Adam hasap edilmek, jemgyýetde orun tutmak.

sana getirmek

seret sana salmak (goşmak)

sana girmek

seret sana goşulmak

  • Men heý ýene adam sanyna girjekmi?! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

sana goşulmak

At-abraýa eýe bolmak, adam hataryna girmek.

sana salmak (goşmak)

  1. Bir zady gurat etmek, düzetmek, bejermek.

    • Ol warak maşyny sana saldy.

  2. Adam etmek, terbiýeläp ýetişdirmek, iş öwretmek.

    • Seni sana saljak bolandan dagdan daş daşanyň hem ýeňildir. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Çölde, gyrda ýaşap gezen türkmeni ýygnap, il sanyna salan azatlyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Öýli-işikli etmek, öýermek.

    • Ol oglany hem bir sana salalyň!

sandan çykmak

  1. Harap bolmak, zaýalanmak (gural, esbap hakda).

  2. Ters ýola düşmek, azmak, bozulmak (adam hakda).

sandan galmak

  1. Hatardan çykmak, ulanmakdan galmak, halys könelmek, zaýalanmak.

  2. Zähmet ukybyn ýitirmek, garramak, iş-güýçden galmak.

    • Ol «sandan galdym» diýip, ýatan garrylardan däldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

tertip san

«-njy, -nji, -ynjy, -inji, -unjy, -ünji» affiksleri arkaly saýalýan san.