samramak işlik

  1. Huşuňy ýitirip, alasarmyk sözler aýtmak.

    • Akmyrat ýene özüni ýitirip samramaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Boş samahyllamak, biderek gürrüň etmek, ýaňramak.

    • Ýigit bardyr, sana geçmez, samrar otyr üýni öçmez. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Sen başlygyň gyzy boldugyň ak patyşanyň gyzy boldugyňmy? -- diýip, gyssag aralykda samrady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)