salynmak işlik

  1. Bina edilmek, gurulmak.

    • Ol dagda bir mäkäm gala salyndy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Oň üstünde salynypdyr täsin jaýy onuň her çyrasy göýä aýa taý. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Özüň üçin gurmak, bina etmek.

    • Bular iki otagdan ybarat bolan jaý salyndylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  3. Içine ýa-da aşagyna goýulmak, içine ýerleşdirilmek, jaýlaşdyrylmak.

    • Goşlaryň hemmesi halta salyndy.

  4. Işe, okuwa we ş. m. ýerleşdirilmek, girizilmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem salynmak - salnar, salnypdyr.