salyşmak işlik

  1. Bina etmäge, gurmaga kömekleşmek.

    • Jaý salyşmak.

  2. Ýerleşdirmäge, salmaga, girizmäge kömek etmek.

    • Agaçlary jaýa salyşmak.

  3. Gepleşik dili Urşup-sögüşmek, dawalaşmak.

    • Gelen badyna sen-de ýok, men-de ýok, Meret bilen salşyp aldy.

  4. Işe, okuwa we ş. m. girmegine kömekleşmek, ýerleşdirişmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem salyşmak - salşar, salşypdyr.

iş salyşmak

seret