salmak işlik

  1. Bina etmek, gurmak.

    • Nirede kömekçi desgalar salmalydygyny bilip biljekler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Içine ýa-da aşagyna goýmak, ýerleşdirmek, içinde jaýlaşdyrmak.

    • Ýygan otlarymy halta salyp gijara öýe bakan ugradym.

  3. Işe, okuwa we ş. m. ýerleşdirmek, girizmek.

    • Men sizi telegrafa işe saldym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Bir zady birine ýa-da bir tarapa dazladyp goýbermek, zyňmak.

    • Çagalar ellerinde gar tokgalap oňa salýardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Nyşan, bellik etmek.

    • Tagma salmak.

  6. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýar.

    • Gulak salmak, diň salmak, maslahat salmak, nazar salmak, ýada salmak.

abraýdan salmak

seret abraý

agram salmak

seret agram

agyz salmak

seret agyz

  • Ine ol it hem bu işi gapdalyndaky duran itden gördi we ol özüne agyz salandyr öýdüp, hyrlap, onuň üstüne bökdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

aldawa salmak

seret aldaw

aldym-berdime salmak

seret aldym-berdim

  • Bu günki dörän duýgy Aýsoltany bir ýandan ganatlandyrsa, ikinji ýandan ony aldym-berdime saldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

at salmak

seret at1

  • Emma aldajy duşman ony basyp almak we ýurduny depelemek üçin onuň üstüne at salýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Häzir hem söwda edip iki ýana at salýar. («Tokmak» žurnaly)

başyna itiň gününi salmak

Jebir-jepa sezewar etmek ýaman horlamak.

  • Ozaldan tanyşdygymyzy ýelli aňlamasyn eger aňlaýsa meniň başyma itiň gününi salar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

başyny etegiňe salmak

seret baş1

  • Başyny etegiňe salyp gelen adamdan gan algyň bolsa-da geç! -- diýlendir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

bilmezlige salmak

seret bilmek

  • Begenç ejesiniň goýunlara ot bermek bilen meşguldygyny görse-de bilmezlige salyp egnini ýygyrdy. («Sowek edebiýaty» žurnaly)

çemine salmak

seret çem

  • Onuň üçin hem ol baran badyna bir iş edirbermedi-de çemine salmagy ýüregine düwdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dem salmak

seret dem

  • Ýeri, dem salýan ýaly bolup aşak bakyp oturmak nämä gerek?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

diň salmak

seret diň2

  • Men tä uka gidinçäm ejemiň arkaýyn dem alşyna diň salyp ýatdym. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

duzaga salmak

seret duzak

  • Diýdi: -- Bu suraty çekdiren peri duzaga salýandyr köp ýigitleri. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

düşek salmak

seret düşek

ele salmak

seret el

  • Ştaba mälim edip, Gyzylhany ele salmalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gara salmak

seret gara

  • Kül etdik biz duşmany, gaýdyp salmaz garasyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

girä salmak

seret giri

  • Bu ekspedisiýany Hywa hany hilegärlik bilen öz bolýan jaýyna çagyryp girisine salypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gozgalaňa salmak

seret gozgalaň

  • Durmuşyň gowgasy hem wakasy gozgalaňa salýar göwün ukusy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

görmezlige salmak

seret görmek1

  • Aşyr ony görmezlige salsa-da onuň ýöne adam däldigini aňlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözden salmak

seret göz

  • Tabel ýazanyňda biziň garyndaşlary gözden salaýsaň dolanyp galamyňy çommaltmarsyň! («Tokmak» žurnaly)

gulak salmak

seret gulak

  • Diňe men gepledim, ol gulak saldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

güýçden salmak

seret güýç

  • Men Ezizi güýçden salmak isleýärin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

howp salmak

seret howp

  • Gelegurtlar barasynda edilen gürrüň çopanlaryň ýüregine howp saldy.

jyda salmak

seret jyda

  • Jyda salmak-ol hem pelegiň käri, sözeş kylyp ol amanat jan bilen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

nazar salmak

seret nazar

owsar salmak

seret owsar

  • Ol seniň başyňa owsar salypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sala salmak

seret sala

  • Nähili duşmanlyk? Nähili bela? Sorap-da bolmaýar, salmaýar sala. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

tertibe salmak

seret tertip

topa salmak

seret top

  • Kelhan, Ezizi topa salmak üçin dürli plan beslendi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

yzyna it salmak

seret yz

  • Eşege ters mündürip, yzyna it salagada ýurduna kowup goýbererin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýara salmak

seret ýara

  • Duşmanlaryň ýara salyp bagryňa depeläpdir seniň näzik tenleriň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýol salmak

seret ýol

  • Köme mülk de oglanlaryň aýak basmadyk ýol salmadyk ýeri bolmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýola salmak

seret ýol

  • Myhmany ýola salyp derrew geljek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýyldyza toýnak salmak

seret ýyldyz

  • Arkan ýatan ýerinden ýyldyza toýnak salýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)