sallançak

  1. Içine çaga salnyp üwrelýän enjam.

    • Şirin uka batyp ýatyr bäbejik parahat dem alyp sallançagynda. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Meniň hem çaga hüwdüläsim, sallançak üwräsim gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. seret hiňňildik

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sallançak - sallançagy.