sallamak işlik

Ýokardan aşak goýbermek, ýuwaşlyk bilen aşaklygyna ýüp we ş. m. arkaly indermek.

  • Bagyryň joşgunly ýabynyň gyrasynda oturyp, aýagymy içine salladym. («Tokmak» žurnaly)

  • Men ýokardan torba sallaryn. (Myraly)

aýagyny sallap gitmek

seret aýak

ýüz sallamak

seret ýüz1

  • Gurt gara agras garaýagyz ýüzüni sallap sesini çykarman dymyp otyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)