salkynlyk

Salkyn bolmaklyk, salkyn howa, mylaýymlyk, serginlik.

  • Salkynlyk arany üçin Aýsoltan ýeňillik bilen dem alýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Giň sährany ýalap gelýän ýaz şemaly salkynlyk getirýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Iňrik garalmagy bilen birlikde mawy asmandan ýere ýakymly bir salkynlyk-da aralaşýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem salkynlyk - salkynlygy.