salkyn sypat

Yssy-da däl, sowuk-da däl, mylaýym sergin (howa hakda).

  • Salkyn şemal öwüsýärdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Gije salkyn we çygly şemal bilen birlikde geldi. («Pioner» žurnaly)

  • Saýany ekmedik salkynda, ýatmaz. (nakyl)

bir salkyn

Ertirden günortana ýa-da öýländen gün ýaşýança bolan wagt aralygy.

  • Bir salkynda sürlen ýeri derrew ekmelidi. («Kolhoz günleri»)

salkyn düşmek

  1. Howa birneme sowap başlamak, salkynlaşmak.

  2. Ertiriň ýa-da agşamyň salkyn wagty gelmek.

    • Öýlän salkyn düşensoň şu ýere geldiler. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)