salgy

Bir ýeri soralanda berilýän ýa-da alynýan maglumat, birini ýa-da bir zady görkezmek üçin edilýän yşarat, ugur görkeziş.

  • Düýeliler olara ellerini uzadyp, salgy berdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol el salgy bilen daş işikde çagasynyň ýanynda gyşaryp ýatan aýalyny görkezipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

salgy almak

Ugur soraşyp, biriniň ýa-da bir zadyň ýerleşýän ýerini bilmek.