saldarlamak işlik

  1. Ele alyp agramyny çaklap görmek.

    • Ol alyp gitjek çemedanyny saldarlap gördi.

  2. Göçme manyda Pikirlenip görmek, paýhas edip görmek, oýlap görmek.

    • Sary aga aýtjak gepini içinden telim gezek saldarlap görüp, soňra orta atýan adamdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)