sal1

[sa:l]

  1. Gapanyň ýaý görnüşindäki iki ýana açylýan bölegini açmak üçin üstünden basylýan ýaý berip duran demir.

    • Bir sally gapan.

    • Iki sally gapan.

  2. Ätişgiriň iki uzyn tutgujy.

saly gowmak

Ähtibarsyz, ynamsyz, gorkak.

  • Onda näme üçin salyň gowşak görünýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

salyna kakmak

Her hili gürrüň edip biriniň pikirini, ýagdaýyny biljek bolmak.

  • Artygyň gowşak salyna kakdy, oňa meň oklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

sal2

[sa:l]

Suwda ýüzmek ýa-da suwdan geçmek we ş. m. üçin biri-birine baglanan birnäçe agaç.

  • Gaýyklar, sallar, gämiler kerweni derýanyň sag kenaryna tarap ugrady. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Onuň içi bilen ýükli sallar we ýeňil gaýyklar howp astyna düşen şähere terslin-oňlyn gidýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

salyň agmak

Işiň erbetleşmek.