sakgallak

Gür sakgally, sakgaly gür çykan.

  • Gyzdurdy suwjuk sözler aýdyp, ýanyndaky sakgallak ýaşulynyň ýüregine düşdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Olaryň biri sakgallak bolup beýlekisi kösedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Söltüräk görnüşli goýun göz sakgallak adam derwezeden girdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sakgallak - sakgallagy.