sakgal sak‧gal at

Çekgä, duluga we eňege bitýän gyllar, tüý örtügi.

  • Ol orta boýly, gyrçuw sakgal bir adamdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Soňky tüýkülik sakgal ezmez. (nakyl)

geçi sakgal

Selçeň sakgal, köseleç.

gürzelek sakgal

Ösgün we irimçik gaba sakgal.

  • Ähem! -- diýdi-de, timar berlen gürzelek sakgalyny sypady. («Kolhoz günleri»)

sakgaldan aýryp murta goýmak

Üýtgedeniň bilen biri-birinden onçakly tapawudy bolmazlyk.

sakgalynda hiňňildik uçmak

Erkek kişini äsgermän, sylaman, diýeniňi etdirmek, onuň erk-ygtyýaryňy öz eliňe almak (aýal maşgala barada).

ýüň sakgal etmek

Birini ýüzügara etmek, ýalançy etmek.


Duş gelýän formalary
  • sakgala
  • sakgalam
  • sakgaldan
  • sakgaldanam
  • sakgallar
  • sakgallara
  • sakgallaram
  • sakgallardan
  • sakgallary
  • sakgallaryna
  • sakgallaryny
  • sakgallarynyň
  • sakgallaryň
  • sakgally
  • sakgallylar
  • sakgallymyş
  • sakgalsyz
  • sakgaly
  • sakgaly-da
  • sakgalydyr
  • sakgalym
  • sakgalyma
  • sakgalymdan
  • sakgalymy
  • sakgalymyzy
  • sakgalymyzyň
  • sakgalymyň
  • sakgalyn
  • sakgalyna
  • sakgalynam
  • sakgalyndan
  • sakgalyny
  • sakgalyny-da
  • sakgalynyň
  • sakgalynyňdyr
  • sakgalyň
  • sakgalyňdan
  • sakgalyňy
  • sakgalyňyz
  • sakgalyňyzy