sakanaklamak işlik

Birden diliň tutulmak, sakynmak, kekeçlemek.

  • Aňkar jogap berende sakanaklady. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Ol aljyrady: hiç wagtda şatlygyny, gaýgysyny saýgartmaýan gara ýüzüne ölüm howpy ýaýyldy, dili tutuldy, sakanaklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gelneje, kysmat başa näme gelse çydamaly, çekmeli! -- diýip sakanaklady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)