Sakçynyň käri onuň ýerine ýetirýän işi, garawullyk.
Nurberdi aga bolsa guwanç bilen olaryň yzyndan garap, öz sakçylygynda galdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Urşujylar gijesine iki sagatdan, bir sagatdan çalşyp sakçylykda durýardylar. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sakçylyk - sakçylygy.