sahypa

[sahy:pa]

  1. Kitabyň depderiň we ş. m. kagyzlarynyň bir ýüzi, bir tarapy.

    • Kitapçanyň alty sahypasyny oňat okap berdim-de, kitaby ýapdym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Kitaby açyp birnäçe sahypalaryny agdardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Bolup geçen waka, hadysa.

    • Emma geçmişiňden birje sahypa görkezip geçmäge rugsat ber maňa. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)