sahylyk

[sahy:lyk]

Eli açyklyk, gysganç dällik, jomartlyk.

  • Mähri bu sahylygyň yzynyň bir çöpüniň bardygyny aňlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Amyderýa özünüň kenar ýokasyndaky ýerleri sahylyk bilen suwa ýakýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sahylyk - sahylygy.